Sitemap
Estafeta

Estafeta

Gelejek nesillere salam…

Mollalarymyz…

3 min readNov 10, 2021

Salam bugüniň (2021nji ýyl) mollalary. Bugün size bolan pikirlerimi gelejek türkmen nesillerine duýurmakçy. Armaň da, kulhuwalla okap ýörmüsiňiz?

Size garşy azajyk gatyrak belki de has agyrrak ýazmakçy. Elbetde beýleki adamlar ýaly, halk ýaly, sizem biziň jemgiýetimiziň önümi. Hemmäňiz bir däl belki de araňyzda gowylaram bardyr. Muny başdan aýtmaly bolýar. Ýöne aglabaňyz aldawçy, iki ýüzli, pulçy, ýalaka, we satyjy bolup dursyňyz. Her gün namazyňyzda adyny aýdyp geçýän Muhammet pygamberimiz (saw) , siziň bu boluşyňyzy görsedi gaty gama batardy diýip pikir edýärin. Pygamber adalatsyzlyga garşy göreş alyp baran, ejiziň ýanynda duran, Alladan başga hiçkime boýun egmedik bir mysal. Siz bolsa arkadag diýip ony Putlaşdyryp başladyňyz. Bar ýerde iliň ganyny sorýan zalymyň surady, bütin wagyzlaryňyzyň soňunda haramyň ady. Siz bir adada yslam dünýäsi başga bir adada ýaly gelýär maňa. Siziň şu boluşyňyzy görüp, dogrudanam ynanyp ynanmaýanyňyzdan şübhe edesim gelýär. Eýsem Allatagalla adalaty buýurmaýar my? Ýa biz ýalňyş düşündik mi? Ýa Gurhanda zalymlaryň tarapyny tutuň diýýär mi? Ýaaa ha siz körelip haramçylyklary göreňzok, ýa da görüwem göz ýuman bolýaňyz, ýa da belki özüňizem peýdalanýaňyz. Men bilemok ýöne çak edip biljek.

Press enter or click to view image in full size
Photo by Agni B on Unsplash

Ymamlyk gaty prestij kär. Siz tutuş ýurduň gahrymany bolup bilerdiňiz. Halk azaşan wagty, garaňkyda ýagtylyk saçyp adamlara dogry ýoly ýatladyp bilerdiňiz. Siz sebäpli tutuş yslam dininiň prestiji aýaklar astynda. Mafiýa sizi peşkalar ýaly ulanyp öz isleglerini etdirýar. Sizem papugaý ýaly şol bir zadlary gaýtalap dursyňyz. Ýa din dogrudanam adamlary kontrol aşagynda tutmak üçin düzilen institut my ka?

Diniň özünde adalatsyzlyga garşy çykyş bar. Harama garşy çykyş bar. Gurhanyň özünde adalat sözi 30 gezek aýdylyp geçilýär. Allatagalla gaýta gaýta adalatly bolmagy, adalatsyzlyga garşy çykmagy buýruk beripdir. Ýa biz ýalňyş kitap okadyk, ýa da siz — pähimli we parasatly mübärek mollalyrmyz ol aýatlary görmezden gelýäňiz mi? Ine olardan käbirleri:

1 Bakara / 282-nji Aýat

2 Âl-i İmrân / 18-inji Aýat

3 Âl-i İmrân / 21-inji Aýat

4 Nisâ / 3-unji Aýat

5 Nisâ / 58-inji Aýat

6 Nisâ / 127-inji Aýat

7 Nisâ / 129-unjy Aýat

8 Nisâ / 135-inji Aýat

9 Mâide / 8-inji Aýat

10 Mâide / 42-inji Aýat

11 Mâide / 95-inji Aýat

12 Mâide / 106-ynjy Aýat

13 En’âm / 115-inji Aýat

14 En’âm / 152-inji Aýat

Get Estafeta’s stories in your inbox

Join Medium for free to get updates from this writer.

15 A’râf / 159-ynjy Aýat

16 A’râf / 181-inji Aýat

17 A’râf / 29-ynjy Aýat

18 Enfâl / 58-inji Aýat

19 Yunus / 4-nji Aýat

20 Yunus / 47-nji Aýat

21 Yunus / 54-inji Aýat

22 Nahl / 76-njy Aýat

23 Nahl / 90-ynjy Aýat

24 Hac / 25-inji Aýat

25 Ahzâb / 5-inji Aýat

26 Şûrâ / 15-inji Aýat

27 Hucurât / 9. Ayet

28 Rahmân / 9-njy Aýat

29 Hadid / 25-inji Aýat

30 Mümtehine / 8-inji Aýat

31 Talâk / 2-nji Aýat

Şularyň islendigini barlap görseňiz her biri adalat barada aýdyp geçýär. Dogrumy aýtsam Gurhanyň hiç bir ýerinde “Eý iman edenler, eger diktaturada ýaşaýan bolsaňyz onda adalatsyzlyklara göz ýumup, dymyp, gorkup, baş diktatory öwüp, ýalap ýöräweriň” diýlen sözleme duş gelmedim. Siz nämeni okap nämeni praktika edýäňiz düşündiräýiň da bize? Ýa biz dini ýalňyş düşündik mi kä?

Pygamberimiziň durmuşyna syn etsek bütin durmuşy diýen ýaly adalatsyzlygyň göreşi bilen geçýär. Adalatsyzlyk bilen baglanşykly hadisleri ýazjak bolsam mediuma sygmaz. Şu halyňyzy pygamber gören bolsady? Gusul abdestiniň nämedigini bilmeýän adamyň adyny her juma güni ýatlaýanyňyzy görsedi näme diýerdi kä gaty bilesim gelýär. Yslamyň nyşany my siz ýa mafiýanyň propagindistleri mi? Pygamberiň guran ýolunyň dowamyny getirmeli adamlar my siz ýa güýç zäherlenmesi ýaşap aňyny ýitiren klowunyň kuklasy my siz? Dogrudanam jennet we jähennem gerek eken.

Press enter or click to view image in full size
Photo by Aaron Burden on Unsplash

Elbetde, din işgärleriniň içinde bir topar döwlet tarapyndan goýulan adamlar bar. Olar bilen işim ýokla. Meniň derdim päk niýet bilen din işlerinde işleýän wyjdany ölmedik imam we mollalarda. Belki olaram çydamaly bolýandyr. Sejde edenlerinde towba edýändir bolýan zatlary görüp. Belki gün günden umytsyzlyga düşýändirler. Belki şansy bolsa bar zady düzetjekdirler. Şeýle din işgärleriniň bardygyna ynanasym gelýär. Sebäp Yslam dinine ýüregi bilen ynanan adam özüni daş töweregindäki kirden gorap bilmelidir. Şeýle adamlar bar bolsa häli, olara ýalkymly salam!!!

--

--

Estafeta
Estafeta

Written by Estafeta

Gelejek nesillere salam…